- paralamak
- işlik[pa:ralamak]seret parçalamak∙ Molla gylçynyň baldyryny paralady we mandala balagyny ýyrtdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)◊ bagyr paralamak — Jan paralamak.∙ Iş zatlar hakynda çigit ýaljak pikir edýärmiň?! -- diýip, Ejegül bagryny paralap aýtdy. (A. Durdywew, Saýlanan eserler)◊ jan paralamak — seret jan∙ Bir adam sakgalyny sallap, jan paralap, töhmetdigini gürrüň berýär-ow, ýene bu ýalan töhmet üçin bigünä oglanyň üstüne gylyç alyp topulýar -- diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)◊ ýürek paralanmak — seret jan paralamak∙ Ol bozlap aglaýan welin, ýüregimi paralap barýan. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.